Ertir — 18-nji noýabrda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynda Hytaý Taýpeýiniň ýygyndy toparyny kabul edýär.
«D» toparçanyň bäşinji tapgyrynyň çägindäki oýun ertir Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk «Arkadag» stadionynda geçiriler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 18:45-de başlanar.
Şu gün bolsa ýygyndy toparlaryň tälimçileridir, oýunçylary bilen metbugat ýygnanyşygy geçiriler. Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň resmi wekilleri bilen geçiriljek metbugat ýygnanyşygy şu gün 18:00-da, Hytaý Taýpeýiniň milli ýygyndy toparynyň resmi wekilleri bilen guraljak metbugat ýygnanyşygy bolsa 18:15-de başlanar. Metbugat ýygnanyşyklarynyň ikisi hem «Arkadag» stadionynyň konferens zalynda guralar.
Metbugat ýygnanyşyklarynyň öňüsyrasy bellige almak üçin öňünden ýüz tutan žurnalistlere akkreditasiýa kartlary gowşurylar.
Bu ýygyndylaryň şu ýylyň martynda geçen birinji oýny Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň ýeňşi bilen tamamlanypdy — 2:1.

