15-nji Uniwersiadanyň futbol boýunça ýaryşynyň final duşuşygy örän dartgynly we täsirli geçdi

MilliInfo

17 sagat öň

9-njy ýanwarda «Aşgabat» köpugurly stadionynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy hem-de «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy tarapyndan guralan 15-nji Uniwersiadanyň çäklerinde futbol boýunça ýaryşyň final duşuşygy geçirildi.

Şeýlelikde, finalda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sport» topary bilen Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Maliýeçi» topary duşuşdy.

Oýun gollara baý bolmasa-da, örän çekeleşikli we täsirli geçdi. Duşuşykda 1:0 hasabynda ýeňiş gazanan «Maliýeçi» topary ýaryşyň ýeňijisi boldy.

Futbol baýramy dabaraly sylaglamamak çäresi bilen jemlendi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info