«Ahal» futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda wagtyndan öň ikinji orny eýeledi

MilliInfo

12 sagat öň

«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary milli birinjiligiň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda (27-nji tapgyrda) «Merw» toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykyp, ikinji orny eýeledi. Duşuşyk Mary şäherindäki «Merw» stadionynda geçirildi.

Çeşmede Welsähet Öwezowyň şägirtlerinden 33-nji minutda Nazar Towakelow hasaby açandygy habar berilýär. «Ahalyň» kapitany Elman Tagaýew bolsa duşuşygyň 80-nji minutynda soňky topy geçirdi. Bu gol onuň häzirki çempionatdaky onunjy goly bolup, oýunçyny iň köp gol geçiren futbolçylaryň sanawyna goşdy.

Bu ýeňişden soň «Ahal» 55 utuk toplap, Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda sekizinji gezek kümüş medaly gazandy.

Bürünç medaly eýelemek indi üçünji gezek «Altyn Asyr» toparyna nesip etdi. Bu topar Türkmenbaşy şäherinde «Şagadam» toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Tapgyryň beýleki duşuşygynda milli çempionatyň altyn medalyny möhletinden öň bassyr üçünji gezek gazanan «Arkadag» topary «Nusaý» stadionynda «Aşgabat» toparyny 1:0 hasabynda utdy. Topara ýeňiş getiren goly 31-nji minutda Ahmet Ataýew geçirdi.

27-nji tapgyryň ýene bir duşuşygynda «Nebitçi» topary Balkanabat şäherinde paýtagtymyzyň «Köpetdag» toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Ýeňijilerden Hydyr Ýakubow (10-njy minut) we Baýramgeldi Nurlyýew (60-njy minut) tapawutlandylar. Utulan toparyň ýeke-täk goluny bolsa Arslan Saparow (34-nji minut) geçirdi.

Utulandygyna garamazdan, «Köpetdag» topary 14 utuk bilen ýaryşyň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda ýedinji orny saklap galdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info