«Ahal» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky çykyşyna başlaýar

MilliInfo

19 sagat öň

«Ahal» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky çykyşyna başlaýar

Türkmenistanyň wise-çempiony «Ahal» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky ilkinji çykyşyna taýýarlyk görýär. Bije çekişligiň netijelerine görä, topar «A» toparça düşdi. Bu ýerde onuň garşydaşlary öz ýurtlarynyň häzirki çempionlary bolan «Paro» (Butan), «Al-Ittihad» (Siriýa) we «Al-Ansar» (Liwan) toparlary bolar. Dörtlügiň ähli duşuşyklary 17–23-nji oktýabr aralygynda merkezleşdirilen görnüşde Butanyň paýtagty Thimphu şäherindäki «Çanglimithang» stadionynda geçiriler.

Ýaryş bir aýlawda aşakdaky tertip boýunça guralar:

  • 17-nji oktýabr: «Ahal» — «Paro»

  • 20-nji oktýabr: «Ahal» — «Al-Ittihad»

  • 23-nji oktýabr: «Ahal» — «Al-Ansar»

AFK-nyň Çagyryş ligasy derejesi boýunça Elita Çempionlar ligasyndan we AFK-2 Çempionlar ligasyndan soň yklymyň üçünji orundaky toparlaýyn ýaryşy bolup, ol ösüp barýan futbol assosiasiýalarynyň klublaryny goldamak maksady bilen döredildi.

Ýaryşyň esasy tapgyrynda 20 topar bäsleşýär. Toparçanyň oýunlarynyň bir şäherde guralmagy gatnaw çykdajylaryny azaldýar, şeýle hem bu tapgyryň her bir gatnaşyjysyna kepillendirilen 100 müň ABŞ dollary möçberinde pul sylagy berler.

Günbatar zolakdan çärýek finala (1/4 finala) üç toparçanyň ýeňijileri hem-de ikinji orny eýelän toparlaryň arasynda iň gowy görkezijisi bolan bir topar çykar. Pleý-off tapgyry ýazda geçiriler: çärýek finallar mart aýyna, ýarym finallar aprele meýilleşdirilendir. Ýaryşyň final duşuşygy bolsa 2027-nji ýylyň 8-nji maýynda bolar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info