Futboluň taryhynda iň köp penalti saklan derwezeçiler

MilliInfo

9 Sentýabr, 2025

Penalti — futbolda oýnuň gidişini hem ykbalyny 1 sekuntda üýtgedip bilýän zat. Penalti — futbol meýdanyna çykan toparlaryň ikisi üçin hem juda gorkuly pursat. Çünki bir tarapda — derwezä girmäge juda ýakyn top, beýleki tarapda bolsa şeýle amatly pursady şowsuz tamamlamak duýgusy.

11 metrlik bellikden ýerine ýetiriljek urgy derwezeçiler üçin juda jogäpkärli sekuntlaryň bellige alynmagyny şertlendirýär. Ol tötänden çykyp biljek bije ýaly bir zat. Käwagt bir penalti topary ýeňşe ýetirse, käbir halatda janköýerleriň öňünde ýüzüňi ýere saljak ýeňlişe getirip bilýär. Futboluň taryhyna ser salsak, penalti saklamakda juda ussat derwezeçiler bar. Geliň, häzir şolaryň statistikalaryna seredip geçeliň:

1.   Sloweniýaly derwezeçi Samir Handanowiç Italiýanyň A seriýasynda oýnan wagty penalty urgularyna garşy netijeliligi bilen tanaldy. Ol 38 penalti saklap, bu ugurda 1-nji ýerde durýar.

2.   Italýan futbolunyň legendasy Janluiji Buffon karýerasynyň dowamynda 30-dan gowrak penaltini saklap, bu ugurda taryha ebedi giren derwezeçileriň biridir. Buffon 2006-njy ýylda Germaniýada geçirilen Dünýä Kubogynda penaltilere garşy durmakdaky ussat hereketleri bilen Italiýanyň ýeňşine uly goşandyny goşupdy.

3.   Braziliýaly derwezeçi Diego Alwes hem penaltileri saklamakda ajaýyp netijesi bilen tapawutlanýar. Ol La Ligada oýnan wagty «Penaltileriň jellady» diýen at bilen tanaldy. 28 penalti saklap, bu ugurda Buffon we Handanowiçden soňky orny — 3-nji ýeri eýeleýär.

4.   Iň köp penalti saklamagy başaran derwezeçileriň sanawynda dördünji orunda Manuel Noýer bar. Ol bu orny 25 penalti saklamagy başaranlygy üçin eýeleýär. Noýer 2014-nji ýylda Messi we Ronaldu ýaly ýyldyz futbolçylar bilen birlikde, «Altyn top» baýragyna iň esasy 3 dalaşgäriň biri bolmagy başarypdy.

5.   Sanawyň 5-nji basgançagynda ýerleşen derwezeçi 25 penalti saklamagy başaran Andrea Konsilidir. Ol Italiýanyň taryhynda hem iň köp penalty saklamagy başaran derwezeçileriň reýtinginde bäşinji orunda durýar.

Sanawyň dowamy şeýle tertipde:

  • 6.   Iker Kasilýas (23 penalti)

  • 7.   Mikael Landro (21 penalti)

  • 8.   Pýotr Çeh (21 penalti)

  • 9.   Benua Kostil (20 penalti)

  • 10.   Frank Rost (20 penalti)

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo