25 ýaşly ýarymgoragçynyň çykyş edýän «Bars» futbol kluby aýgytly duşuşykda Bişkegiň «Dordoý» toparyny 2:0 hasabynda ýeňip, möwsümiň ilkinji kubogyny gazandy.
Türkmen futbolçysy duşuşyga esasy düzümde başlady we ýardam pasyny berip, toparynyň ýeňşine saldamly goşant goşdy.
Ýeri gelende bellesek, Teýmur Çaryýewiň futbol ýoly Marynyň «Energetik» toparynda başlady. Häzirki wagtda ol Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň esasy ýarymgoragçylarynyň biridir.
Onuň karýerasynda «Abdyş-Ata» toparynyň düzüminde Gyrgyzystanyň iki gezek çempiony bolmak ýaly üstünlikler hem bar. Häzirki «Bars» toparyna geçmezden ozal, Teýmur Belarus Respublikasynyň «Torpedo-BelAZ» toparynda çykyş etdi. Şu möwsümde Teýmur «Barsyň» düzüminde 20 duşuşyga gatnaşyp, 2 gol we 3 assist bilen tapawutlandy.
Ildeşimize geljekde hem uly üstünlikleri we täze ýeňişleri arzuw edýäris!
