Dünýä belli «The Athletic» sport neşiri futbol boýunça taryhdaky iň gyzykly dünýä çempionatlarynyň täze reýtingini taýýarlady. Bilermenler tarapyndan düzülen bu sanawda jemi 23 dünýä çempionaty öz aralarynda deňeşdirildi. Gyzykly tarapy, DÇ-2026 sanawyň bary-ýogy 10-njy basgançagynda ýerleşdi. Bu barada «Biznes Reklama» gazeti habar berdi.
Reýtingiň iň ýokarky ornuny 1970-nji ýylda Meksikada geçirilen dünýä çempionaty eýeledi. Şol turniriň finalynda Braziliýanyň milli ýygyndysy Italiýany 4:1 hasabynda ýeňip, çempion bolmagy başarypdy.
Sanawyň iň soňky, ýagny 23-nji ornunda bolsa 1938-nji ýylda Fransiýada geçirilen turnir ýerleşdirildi. Şol çempionatda Italiýanyň ýygyndysy finalda Wengriýany 4:2 hasaby bilen utup, altyn medala mynasyp bolupdy.
Neşir tarapyndan hödürlenen iň gyzykly 10 sany dünýä çempionaty we olaryň final duşuşyklary şulardan ybarat:
1. DÇ-1970 (Meksika). Final: Braziliýa – Italiýa 4:1;
2. DÇ-1982 (Ispaniýa). Final: Italiýa – GFR 3:1;
3. DÇ-1986 (Meksika). Final: Argentina – GFR 3:2;
4. DÇ-1998 (Fransiýa). Final: Fransiýa – Braziliýa 3:0;
5. DÇ-2006 (Germaniýa). Final: Italiýa – Fransiýa 1:1 (penaltiler tapgyrynda: 5:3);
6. DÇ-1958 (Şwesiýa). Final: Braziliýa – Şwesiýa 5:2;
7. DÇ-2014 (Braziliýa). Final: Germaniýa – Argentina 1:0;
8. DÇ-1974 (GFR). Final: GFR – Niderlandlar 2:1;
9. DÇ-2018 (Russiýa). Final: Fransiýa – Horwatiýa 4:2;
10. DÇ-2026 (ABŞ, Kanada we Meksika). Final: Ispaniýa – Argentina 1:0.
