«GabalaFest»: türkmen suratkeşi abraýly festiwalyň çägindäki halkara sungat sergisine gatnaşdy

MilliInfo

3 sagat öň

«GabalaFest»: türkmen suratkeşi abraýly festiwalyň çägindäki halkara sungat sergisine gatnaşdy

«GabalaFest» halkara çäresiniň çäginde «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi geçirildi. Sergä Azerbaýjandan, Hytaýdan, Germaniýadan, Wengriýadan, Gazagystandan, Koreýa Respublikasyndan, Russiýadan, Türkiýeden, Türkmenistandan, Birleşen Korollykdan we Özbegistandan bolan 30-dan gowrak meşhur sungat ussadynybir ýere jemleýär.

Taslama reňkli surat, heýkeltaraşlyk we fotosurat arkaly medeniýetleriň, däp-dessurlaryň hem-de nesilleriň arasyndaky çeperçilik gepleşiginiň ösmegine ýardam edýär.

«Medeniýetleriň çatrygy» ady bilen geçýän giň gerimli çärä türkmen suratkeşi Gahryman Goçmyradow hem ajaýyp eserleri bilen gatnaşýar. Ildeşimiziň işleri ähmiýetli gözden geçirilişiň myhmanlarynyň üns merkezinden ornuny tapdy.

Zehinli suratkeşiň döredijiligi häzirki zaman şekillendiriş sungatynyň ajaýyp nusgalaryny özünde jemleýär. Onuň ajaýyp işlerinde milli medeni miras sazlaşykly utgaşdyrylýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info