Paýtagtymyzda BMG-niň 80 ýyllygyna bagyşlanan gala-konsert guralar

MilliInfo

24 Oktýabr, 2025

28-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda «Parahatçylygyň we umytlaryň sazy» diýen simwoliki at bilen gala-konsert geçiriler. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanar.

Bu ýerde size Türkmenistanyň at gazanan artisti Rasul Klyçewiň ýolbaşçylygynda Döwlet simwoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde hödürlenjek ajaýyp konsert maksatnamasy garaşýar. Ol 16:30-da başlanar. Giriş tölegsiz bolar.  

Röwşen geljegiň hatyrasyna parahatçylygyň owazy bolup ýaňlanjak sazyň güýjünden lezzet almak mümkinçiligini elden bermäň!

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo