21 — 25-nji iýul aralygynda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly stadionynyň türgenleşik meýdançasynda 2011-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda tomusky dynç alyş möwsümine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi. GOÝÇÝSM-niň (Geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebi) açyk birinjiligini almak ugrundaky bäsleşigiň deslapky tapgyrynda toparlar «A» hem-de «B» toparçalarda geçirilen duşuşyklarda ýarymfinalçylary kesgitlediler. Toparlaryň 8-siniň gatnaşmagynda geçirilen deslapky tapgyryň netijesi boýunça «Gala» hem-de Mary welaýatynyň «Ýaşlyk» toparlary ýarym finala çykmagy başardylar. Esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlanan duşuşygyň ýeňijisi oýundan soňky bellenen 11 metrlik urgularda kesgitlenildi. Bellenen urgulary has şowly ýerine ýetiren «Gala» garşydaşyndan 5:3 hasabynda üstün çykyp, finala gatnaşýan ilkinji topar boldy. Ikinji finalçyny kesgitleýän duşuşyk bolsa «Kuwwat» bilen «Merwiň» arasynda geçirildi. Bu duşuşykda garşydaşynyň derwezesinden netijeli urgularyň üçüsini geçiren «Kuwwat» (3:0) aýgytlaýjy duşuşykda güýç synanyşmaga mümkinçilik aldy.
Şeýlelikde, üçünji orun ugrundaky duşuşykda «Merwiň» oglanlary «Ýaşlygy» 3:0 hasaby bilen utup, bürünç medala mynasyp boldular.
«Kuwwat» bilen «Galanyň» arasynda dowam gecen final duşuşygy çekeleşikli pursatlara we gollara baý boldy. «Galanyň» ezber oýunçylary «Kuwwatyň» derwezesine jogapsyz 5 goly gecirmegi başardylar. Netijede, «Gala» «Kuwwady» 5:0 hasap bilen ýeňip, baş baýraga mynasyp boldy.
Final duşuşykda «Galanyň» düzüminden Artýom Çernow 4 gol geçirmegi başardy we jemi 7 gol bilen bäsleşigiň iň netijeli oýunçysy boldy.




