26-njy aprelde Stambulyň «RAMS Park» stadionynda Türkiýäniň Superligasynyň 31-nji tapgyrynyň merkezi duşuşygy geçirildi. Çempionlyk ugrundaky ýaryşda uly ähmiýete eýe bolan Stambul derbisinde «Galatasaraý» öz meýdançasynda «Fenerbahçeni» kabul etdi.
Duşuşyk meýdançanyň eýeleriniň 3:0 hasabyndaky ynamly ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeňiji toparyň gollaryny Wiktor Osimhen (40), Baryş Ýylmaz (67 penalti) we Lukas Torreýra (83) dagy öz adyna ýazdyrdy.
Muňa garamazdan, oýnuň netijesi başgaça-da bolup bilerdi. Duşuşygyň 14-nji minutynda «Fenerbahçeniň» ýarym goragçysy Taliska penaltiden peýdalanyp bilmedi. Şeýle-de hasap «Galatasaraýyň» peýdasyna 1:0 bolup durka, oýnuň 63-nji minutynda «Fenerbahçeniň» derwezeçisi Ederson ikinji sary karty alyp, meýdançadan çykaryldy.
Şu ýeňişden soňra «Galatasaraý» Türkiýäniň çempionatynda öňdeligi saklaýar we ikinji orundaky «Fenerbahçe» bilen tapawudy ýedi utuga çykardy. Möwsümiň tamamlanmagyna bolsa üç tapgyr galdy.