«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Monte-Karloda halkara şahadatnamalarynyň gowşurylmagyna bagyşlanan dabaraly çäre

MilliInfo

29 Ýanwar, 2026

Golaýda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 48-nji halkara sirk sungaty festiwaly geçirilip, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň ýolbaşçylary oňa hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, ýurdumyza wekilçilik etdiler. Halkara festiwalyň çäklerinde geçirilen dabaraly çärede «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Bu ajaýyp wakanyň hormatyna şu gün Arkadag şäherinde dabaraly çäreler ýaýbaňlandyryldy. Dabara Gökdepe şaýoly bilen Akhan şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän döwrebap köpriniň ýanynda başlandy. Oňa gatnaşyjylar ýokary ruhubelentlik we hakyky toý şatlygy bilen joşgunly ýaňlanýan aýdym-sazlara, tanslara goşuldylar.

Ajaýyp wakanyň hormatyna guralan çäreler hakyky türkmen toýlaryna mynasyp derejede geçirildi. Oňa gatnaşyjylar şatlyk-şowhunly, aýdym-sazly çykyşlar bilen köprüden düşüp, Akhan şaýolunyň ugrunda saklandylar. Bu ýerde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bedewlere atlanyp we paýtun arkaly hatar gurap geçip gitdiler.

«Galkynyşa» sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň mazmunyny baýlaşdyrdy. Şoňa görä-de, toparyň agzalarynyň dabaraly, deň hatarly nyzam bilen geçip gitmekleri dabara gatnaşyjylaryň Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza, milli atşynaslarymyza, bedewleriň seýislerine, olara ussatlyk bilen erk edýän çapyksuwarlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrdy.

Soňra ýygnananlar bagtyýar maşgalanyň bäbekhanadan körpejäni alyp gelýän pursatlaryna şaýat boldular. Munuň özi göwünleri galkyndyryp, hemmeleriň kalbynda şatlyk duýgularyny döretdi.

Dabara gatnaşyjylar «Taýçanak» binasyna tarap ugradylar. Olar ýolugruna bu ýerde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan desgalary, türkmen halkynyň Milli Lideriniň öňdengörüjilikli zehininden kemala gelen Arkadag şäheriniň gözel keşbini synladylar. Biraz wagtdan dabara gatnaşyjylar «Taýçanak» binasynyň ýanyna geldiler. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bu ýerden atly ýöriş arkaly Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine tarap ugradylar.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bedewleri bilen hem-de atly paýtunyň üstünde mynasyp bolan halkara baýraklaryny elinde göterip barýarlar.

«Taýçanak» binasyndan badalga alan atlylar «akylly» şäheriň Ahalteke atlary şaýolunyň ugry bilen «Akhan» binasyna tarap, soňra bolsa Akhan we Aba Annaýew şaýollaryndan geçip, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň öňündäki meýdança tarap ýola düşdüler. Atly ýörişe gatnaşyjylar Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň öňündäki meýdança gelenlerinde, şatlyk-şowhun has-da belende göterildi. Soňra dabara gatnaşyjylar sirkiň eýwanynda guralan sergini synladylar.

«Galkynyş» toparynyň agzalary we dabara gatnaşyjylar Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň tomaşaçylar zalyna bardylar. Bu ýerde esasy dabaralar başlandy. Dabaranyň başynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary sahna çagyryldy. Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda gowşurylan halkara şahadatnamalar bolsa ýörite bellenilen ýerde ýerleşdirildi.

Dabaranyň dowamynda Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynyň çeperçilik direktory we wise-prezidenti Urs Pilz sanly ulgam arkaly çykyş etdi. Ol «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň geçen ýyl halkara festiwalda örän gowy çykyş edip, sirk sungatynyň ösmegine ajaýyp goşant goşandygyny, şol çykyşyň taryhy waka bolandygyny nygtap, toparyň mynasyp bolan halkara şahadatnamalary bilen Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady hem-de toparyň agzalaryna geljekde-de täze üstünlikleri arzuw etdi.

 «Siziň toparyňyz, çapyksuwarlaryňyz we atlaryňyz, hakykatdan-da, ýokary derejeli, täsirli çykyşlary bilen festiwalymyzyň bezegine öwrüldi. Olaryň gazanan üstünliklerini, ýokary ussatlyklaryny hem-de ýurduňyzyň mertebesini nähili belent derejede görkezendiklerini hiç haçan ýadymyzdan çykarmarys. Siziň aramyzda bolmagyňyz biziň üçin uly mertebe boldy» diýip, Urs Pilz aýtdy.

2026-njy ýylda-da Diýarymyzda ajaýyp üstünlikleriň gazanylyp, täze belent sepgitlere ýetiljekdiginiň alamatydyr. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýylyň ilkinji aýynda gazanan halkara ýeňşi bolsa ýylyň geljekki üstünlikleriniň we ýetiljek täze sepgitleriň buşlukçysydyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info