«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Baku şäherinde 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanyp guralan çärelere gatnaşdy. Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly Pyragy adyndaky Türkmen edebiýaty merkezinde hem-de ýurduň ýaşlar we sport ministrliginiň Respublikan ýöriteleşdirilen Olimpiýa ätiýaçlygy atçylyk sporty boýunça çagalar we ýaşlar sport mekdebinde guralan maslahatlar we duşuşyklar diýseň täsirliligi bilen tapawutlandy.
Bu çäreler «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlandy. Türkmen edebiýaty merkezinde geçirilen maslahatyň çäklerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary, türkmeniň beýik akyldar-şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan kitap sergisi bilen, şeýle hem türkmen edebiýatyny öwrenmek we wagyz etmek boýunça alnyp barylýan ylmy işler bilen tanyşdylar. Onda merkeziň jogapkär ylmy işgärleri Ismihan Osmanly we Töhfe Talybowa myhmanlara türkmen edebiýatynda wasp edilýän, türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan ahalteke atlary hakynda azerbaýjan ýaşlaryna gürrüň berýändiklerini, wagyz edýändiklerini aýtdylar.
Respublikan ýöriteleşdirilen Olimpiýa ätiýaçlygy atçylyk sporty boýunça çagalar we ýaşlar sport mekdebinde geçirilen duşuşygyň çäklerinde bolsa «Galkynyş» toparynyň agzalaryny mekdebiň taryhy, okuw-terbiýeçilik işi, maddy-enjamlaýyn binýady hem-de azerbaýjanly türgenleriň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdylar. Şeýle hem taraplar çapyksuwarlary, tälimçileri we atçylyk ulgamynyň hünärmenlerini taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini, bilelikdäki ussatlyk sapaklaryny, okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny we ylmy-amaly çäreleri geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle görnüşdäki saparlaryň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga, medeni alyş-çalşygy ösdürmäge we milli däpleri, şol sanda at üstündäki oýunlaryň özboluşly sungatyny wagyz etmäge ýardam berýändigi hem nygtaldy.