Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Azerbaýjanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti

MilliInfo

9 Awgust, 2025

turkmenmetbugat.gov.tm

8-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimler toplumynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti boldy. Munuň özi doganlyk ýurtlaryň bu gözel künjekde yzygiderlilikde guralan milli günleriniň hem jemlemesine öwrüldi. Jemleýji günde Türkmenistanyň we Özbegistanyň milli günleri bu dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimler toplumynda ýaýbaňlandyrylan dabara hem halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň nyşanyna öwrüldi.

Dabaraly konsert «Ýaşa, mähriban Arkadag!» atly aýdym bilen açyldy. Bu çykyş özünde aýdym-saz we tans sungatyny jemläp, onda halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza çäksiz söýgüsi, hormaty öz beýanyny tapdy. «Dokmaçylar» folklor toparynyň tansly çykyşlary halkymyzyň Milli Liderimize buýsanjynyň şöhlelenmesine öwrüldi.

Konsert Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň medeniýet hem sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Konsertiň dowamynda ýurdumyzyň meşhur halk hem-de estrada aýdymçylary, tanymal sazandalary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Olar türkmen aýdym-saz sungatynyň naýbaşy eserlerini, söýgi, dostluk, ajaýyp dünýä baradaky aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Deňziň gözel keşbi, interaktiw suw çüwdürimleriniň emele getirýän şekilleri, yşygyň, reňkiň we sesiň sazlaşygy konsertiň esasy aýratynlyklarynyň biri boldy. Merkezde, sahnanyň daş-töwereginde ýerleşdirilen uly monitorlarda görkezilýän wideoşekiller çykyşlaryň şowhunyny artdyrdy.

Däp bolşy ýaly, dabaraly konsertiň ahyrynda gadymy «küştdepdi» tansy ýerine ýetirildi. Milli däpleri özünde jemleýän, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan halk döredijiliginiň bu ajaýyp nusgasy bilelikdäki konsertiň esasy mazmunynyň, ýagny parahatçylygyň hem-de ösüşiň hatyrasyna döredijiligiň, agzybirligiň dabaralanmasynyň beýany boldy.

Dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan Gahryman Arkadagymyzyň «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly aýdymy konsertiň özboluşly jemlenmesi boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo