Ýaşulularyň «bismillasy» bilen: Türkmenistanda galla oragy başlanýar

MilliInfo

22-nji maýda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer T.Atahallyýew ýetişdirilen bugdaýyň bol hasylyny gysga wagtda ýygnap almak maksady bilen, hormatly Prezidentimize ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda welaýatlarda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň, il içinde hormatlanylýan ýaşulularyň gatnaşmagynda galla oragyna başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegi hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem wise-premýere welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek işlerini dowam etdirmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda 3-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 10-njy iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi hem-de hormatly ýaşululardan galla oragyna «bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz zähmetsöýer gallaçy daýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info