Garry Kulyýew köçesiniň degişli böleginde ulaglaryň hereketiniň wagtlaýyn çäklendirilýändigi habar berildi

MilliInfo

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti hem-de Ar­ka­dag şä­he­ri­niň hä­kim­li­gi 2025-nji ýy­lyň 15-nji okt­ýab­ryn­dan Ar­ka­dag şä­he­ri­niň de­mirga­zy­gyn­da, Ak­han şa­ýo­lu­na bi­rig­ýän Gar­ry Ku­ly­ýew kö­çe­siniň de­giş­li bö­le­gin­de gur­lu­şyk-gur­na­ma iş­le­ri­niň ge­çi­ril­ýän­di­gi se­bäp­li, ulag­la­ryň he­re­ke­ti­niň wagt­la­ýyn çäk­len­di­ril­ýän­di­gi­ni ha­bar berdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň 15-nji oktýabrdaky sanynda bildiriş berildi.

Şunda go­laý­da Aş­ga­bat — Gök­de­pe ara­ly­gyn­da­ky Gök­de­pe şaýo­lu­nyň dur­ky tä­ze­le­nen de­giş­li ýol bö­le­gi­niň ulan­ma­ga be­rilme­gi ýo­lag­çy­lar üçin amat­ly gat­na­wy dö­redendigini bellemek gerek. Ýol­la­ryň dur­ku­ny tä­ze­läp, ra­ýat­la­ra has oňaý­ly şert­le­ri dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, ­amala aşyrylýan işler Watanymyzda adam hakyndaky aladanyň ähli zatdan ileri tutulýandygyny görkezýär.

Şunuň bilen baglylykda, ra­ýat­la­ra we sü­rü­ji­le­re öňün­den he­re­ket ug­runy me­ýil­leş­dir­mek­le­ri­ hem-de ýol bel­gi­le­ri­niň gör­kez­me­le­ri­ne berk eýer­mek­le­ri­ mas­la­hat berilýä­r.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo