Garagyş güýz we gyş paslynyň çalşygyndaky gysga wagtlyk döwürdir. Ol käbir ýyllarda alabahara çalym etse, käbir ýyllarda duýdansyz gelen gyşy ýadyňa salýar. Ilkagşamky açyk asmanyň birdenkä bulut getirip, gar ýagyp duran pursatlary hut şu döwre mahsus häsiýetdir.
«Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýilmegi bu pasylda howanyň döredýän oňaýsyz şertleri bilen baglydyr. Ata-babalarymyz gyşa örän ykjam taýýarlyk görmelidigini şu söz bilen-de pent edipdirler. Ine-de, garagyş döwri ýetip geldi. Ol 22-nji noýabrda başlanyp, 7-nji dekabra çenli dowam edýär.
Köp ýyllaryň tejribesine nazar aýlasaň, onda şu döwürde howanyň duýdansyz sowap, gar-ýagşyň ýeriň ýüzüni örtýän halatlary az bolmandyr. Çarwalar tebigatda şu döwürde bolýan üýtgeşmelere nazar aýlap, gyşyň nähili geljegini kesgitläp bilipdirler. Mysal üçin, güýçli sowuk bolýan bolsa, toýnakly jandarlaryň kiçi sürüleri bir ýere jemlenip uly sürini emele getirýärler. Sütükli ýabany haýwanlaryň derisi galňaýar. Şu döwürde asmanda toýnuk gurap ýyly ýurtlara tarap uçup barýan durnalaryň gykuwlaşýan sesleri güýçli we başly-barat bolsa, onda sowuga garaşybermeli. Garynjalar hem hininiň agzyna köp gum üýşürýärler. Diýmek, ol hinini sowukdan goramak üçin çuň gazýar. Demirgazykdan gelýän gara gargalar we zakyjalar barha köpelýärler-de, gary çagyryp başlaýarlar. Olar gündizlerine maýsaly meýdanlardan iýmitlenip, agşamlaryny bolsa uly-uly daragtlaryň depesinde geçirýärler. Käbir gazaply gyşlarda bolsa olar agajyň depesinde doňup, ýere gaçýarlar. Elbetde, şeýle aýazly günler seýrek bolýar.

