Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek: ýurdumyzyň küşt boýunça toparlaýyn çempionaty jemlendi

MilliInfo

30 Mart, 2026

22 — 28-nji mart aralygynda Aşgabat hakyky intellektual bäsleşikleriň meýdançasyna öwrüldi. Onda 12 sany iň güýçli topar we 100 oýunçy öňdelik ugrunda bäsleşdiler.

11 tapgyrdan ybarat bolan dartgynly göreş küşt tagtalarynyň 6-synda alnyp baryldy — her bir duşuşyk iň soňky göçüme çenli gyzykly pursatlara baý boldy.

Şeýlelikde, bütin ýaryşyň dowamynda ynamly we deňagramly oýun görkezen «Aşgabat» topary absolýut çempion boldy. «Galkan» topary ikinji bolsa, «Talyp sport» öňdäki üçlügi jemledi.

Iň ýaş gatnaşyjylardan ybarat bolan «Nesil» topary (12–14 ýaş) aýratyn ünsi çekdi. Olar tejribeli garşydaşlaryna bien mynasyp derejede bäsleşip, türkmen küştüniň geljeginiň ygtybarly ellerdedigini subut etdiler.

Ýaryşyň iň täsirli pursatlarynyň biri-de doganlar Maksat we Saparmyrat Atabaýewleriň arasyndaky duşuşyk boldy. Bu oýun 5 sagatlap dowam etdi we deňlik bilen tamamlandy. Şeýle netije çempionatyň umumy sanawyna hem öz täsirini ýetirdi.

Ýeňijiler we baýrakly orunlary eýelänler kuboklar, medallar we şahadatnamalar bilen sylaglandy, şeýle hem her tagta boýunça iň gowy oýunçylar bellenip geçildi.

Ilkinji toparlaýyn çempionat diňe bir ýaryş bolman, eýsem, Türkmenistanda küştüň ösüşiniň täze tapgyryna möhüm ädime öwrüldi. Öňde has uly toparlaýyn ýeňişler we täsirli oýunlar garaşýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info