Düýn — 20-nji oktýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa Türkmen halysynyň milli muzeýinde boldular.
Bu ýerde muzeý işgärleri türkmen halylarynyň taryhy, olaryň dokalyş aýratynlyklary we halylaryň reňkleriniň sazlaşygy barada gürrüň berdiler. Dünýäde uly meşhurlyk gazanan türkmen halylarynyň owadanlygy, nepisligi myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Munuň özi halkara çäreleriň medeni maksatnamasynyň ýokary derejede taýýarlanandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Şeýle hem bu ýerde türkmen milli lybaslarynyň görkezilişi boldy. Onuň çäklerinde milli lybaslaryň bezeg aýratynlyklaryna, olaryň gelşiklilik we ýakymlylyk derejesine zerur üns berildi. Milli lybaslaryň özboluşly gözelligine, olaryň biçüw aýratynlyklaryna tomaşa eden myhmanlar bu pursatlaryň taryhy ähmiýeti bolan wakalar bilen utgaşmagyna ýokary baha berdiler.
Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa ak mermerli Aşgabatda geçirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu çäreleriň özlerinde ýakymly täsirleri galdyrandygyny nygtadylar.
