Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkymyzyň mukaddes taryhy mirasyna hem-de ýurdumyzyň esasy milli nyşanlaryna bagyşlanan täze goşgusyny döretdi. Döwlet Baştutanymyz özüniň şahyrana eserinde ahalteke bedewleriniň egsilmez güýjüni, türkmen halylarynyň nepisligini we häzirki zaman döredijilik ýoluny nurlandyrýan wepaly alabaýlaryň waspyny ýetirýär.
Türkmeniň buýsanjy
Beýik taryh — beýik geljege binýat,
Bu bir röwşen ykbalydyr türkmeniň.
Geçmişe buýsançdyr, şu güne şöhrat,
Bedew ruhy ahwalydyr türkmeniň.
Jümle-jahan gözelligi görkünde,
Alys-alys ýollar onuň erkinde,
At myratdyr, at ganatdyr türkmende,
Ol kämillik kemalydyr türkmeniň.
Niçik gudrat eneleriň yhlasy,
Göýä güller açan köňül sährasy,
Nepis haly — eýýamlaryň mirasy,
Şanly ömür beýanydyr türkmeniň.
Mydam goraga sak, hüşgär hem düşbi,
Wepaly alabaý — dostlugyň keşbi,
Asyrlaryň uzak menzilin geçdi,
Hemişelik hemrasydyr türkmeniň.
Owazasy ýedi yklyma ýaýran,
Beýik sungatyna giň dünýä haýran,
Halkyň göwni bolup gülleýär zaman,
Ol dowamat-dowamydyr türkmeniň.
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
