Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna 700-den gowrak çaganyň lukmançylyk operasiýalary geçirildi

MilliInfo

17 sagat öň

15-nji noýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legari bilen duşuşdy.

Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, gaznanyň alyp barýan ynsanperwer işiniň uly hormata mynasypdygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, çagalar baradaky alada, hususan-da, howandarlyga we lukmançylyk kömegine mätäç çagalar baradaky alada islendik döwletiň hem-de jemgyýetiň ileri tutýan ugry bolup durýar.

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasyny däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň, umumy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny, ýurtlarymyzyň özara ynanyşmak syýasatyny alyp barýandyklaryny belledi. Oguljahan Atabaýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýurdumyzda saglygy goraýyş, bilim, durmuş ulgamlarynda çagalara hödürlenilýän hyzmatlaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine üns berýändigini aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagta çenli gaznanyň serişdeleriniň hasabyna 700-den gowrak çaga lukmançylyk operasiýalary ýerine ýetirildi. Şeýle-de gaznanyň binýadynda sagaldyş-dikeldiş merkezi we inklýuziw çagalar bagy hereket edýär. Diňe şu ýylyň dowamynda merkezde 900-e golaý çaga tölegsiz esasda sagaldyş-dikeldiş bejergisini aldy.

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti şu ýylyň dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatyň geçiriljekdigini aýdyp, bu forumyň zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny pugtalandyrmak barada pikir alyşmak üçin netijeli meýdança boljakdygyna ünsi çekdi.

Ilçi Pakistanda Türkmenistanyň gender deňligini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirýän işlerine ýokary baha berilýändigini belläp, bu maslahatyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo