19-njy awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň ýerlerde alyp barýan işleri, öňde durýan wezipeler baradaky hem-de käbir guramaçylyk meseleleri girizildi.
Her ýyl ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýaşulularyň maslahatlary we teklipleri diňlenilip, şolaryň esasynda döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça möhüm kararlar işlenip düzülýär hem-de kabul edilýär.
Maslahatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň işine aýratyn üns çekildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň täze agzalygyna kabul etmek hem nobatdaky maslahatda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Bu mesele boýunça çykyş edenler ýerli halk maslahatlaryndan, jemgyýetçilik guramalaryndan we ýaşululardan teklipleriň gelip gowşandygyny aýdyp, halk arasynda uly hormatdan peýdalanýan, il sylagly ýaşululary agzalyga hödürlemek boýunça degişli işleriň geçirilendigi, olaryň ýokary şahsy häsiýetleri, guramaçylyk we beýleki başarnyklary barada aýtdylar.
Hususan-da, Aşgabat şäheri boýunça Ýaşulular geňeşiniň agzalygyna Aşgabat şäheri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzasy, Hormatly il ýaşulusy Meretgeldi Gulgeldiýew hem-de Italmaz Saparlyýew hödürlenildi.
Şeýle hem maslahatda Ahal welaýaty boýunça Ýaşulular geňeşiniň agzalygyna Arkadag şäheriniň Ýaşulular geňeşiniň wekili, Hormatly il ýaşulusy Kakajan Täşliýew hödürlenildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalygyna hödürlenilen ýaşulular maslahata gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan saýlanyldy.