Guwanç Merdanow — «GDA-nyň iň gowy talyby»

MilliInfo

2 sagat öň

Bäsleşik Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşige internet arkaly gatnaşan ildeşimiz Guwanç Merdanow uly üstünlige eýe boldy. Ol Gazagystanyň «Bilim Orkenieti» milli innowasion ylmy-gözleg merkezi bilen «Žana Gazagystan» respublikan innowasion merkezi tarapyndan guraldy.

Şunlukda, bäsleşige sanly ulgam arkaly gatnaşan türkmen talyby — Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kesel bejeriş fakultetiniň bejeriş işi hünäriniň 2-nji ýyl talyby Guwanç Merdanow I derejeli diploma, ýörite döşe dakylýan nyşana, «GDA-nyň iň gowy talyby» diýen ady tassyklaýan şahadatnama hem-de Kuboga mynasyp boldy.

Onuň ýolbaşçysynyň uniwersitetiň medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy Gülnar Gulgeldiýewadygyny ýatladýarys.

Bu üstünlik türkmen ýaşlarynyň biliminiň we zehininiň halkara derejesinde ykrar edýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info