«Geely» kompaniýasy täze «i-HEV Intelligent Dual-Engine» intellektual gibrid tehnologiýasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu ulgam bilen enjamlaşdyrylan ilkinji modeller «Geely Preface» (Xingrui) we «Monjaro» (Xingyue L) boldy, geljekde bolsa degişli ulgam «Emgrand» we «Atlas» modellerinde hem ulanylar.
Täze gibrid ulgamly «Preface» we «Monjaro» modelleri daşky görnüşi boýunça adaty içinden ot alýan hereketlendirijili ulaglardan örän az tapawutlanýar. «Monjaroda» täze altynsow metallik reňkli nusga we özboluşly kümüşsöw-çal diskalar peýda boldy. Salonyň içinde bolsa açyk mämişi reňkli bezegler hem-de «Li Auto» ulaglarynyň stilindäki iki sany uly ekran bar. Ýokary komplektasiýalarda proýeksion displeý (HUD), öňdäki oturgyçlaryň gyzdyryjysy, sowadyjysy we owkalama (massaž) funksiýasy, şeýle-de yzky oturgyçlaryň arkalyklaryny sazlamak mümkinçiligi hödürlener.
Esasy üns tygşytlylyga we netijelilige berlipdir. Täze gibrid ulgamynyň içinden otlanýan hereketlendirijisiniň ýylylyk peýdaly iş koeffisienti 48,41 %-e deňdir. «Geely» kompaniýasynyň tassyklamagyna görä, bu görkeziji köpçülikleýin öndürilýän motorlaryň arasynda dünýäde iň gowusydyr. Ýangyç sarp edişi «Preface» modeli üçin 100 km-e 3,98 litr, «Monjaro» üçin bolsa 4,75 litr (WLTC sikli boýunça) diýlip bellenildi. Ulagyň umumy kuwwaty 313 at güýjüne deňdir.