Türkiýede Prezidentiň ýurduň çäginde ýaşaýan türki halklardan bolan daşary ýurtlularyň iş meselelerini düzgünleşdirýän karary güýje girdi. Resminama esasynda, olaryň Türkiýäniň döwlet we hususy edaralarynda erkin ýagdaýda işlemegine we senetçilik bilen meşgullanmagyna rugsat berilýär. Ýöne bu düzgün ýurduň ýaragly güýçlerine we howpsuzlyk düzümlerine degişli gulluklara degişli däl.
Türkiýäniň kanunçylygynda kesgitlenen hünär talaplaryna laýyklykda, türk kowumyndan bolan daşary ýurtlular işlemek üçin ýörite rugsatnama almaly bolarlar. Bu rugsatnamalary bermek boýunça çözgüt zähmet goraglylygyny üpjün edýän edaranyň, Içeri işler hem-de Daşary işler ministrlikleriniň pikiriniň bellige alynmagy esasynda kabul edýär.
Rugsatnama alan daşary ýurtlular Türkiýäniň raýatlary bilen deň derejede hünär birleşiklerinde hasaba durmaly bolarlar we şol guramalaryň agzalarynyň ähli hukuklaryndan peýdalanyp bilerler. Şeýle-de bolsa, olar saýlawlara gatnaşmak we saýlanmak hukugyna eýelik etmeýärler.
Kanun türki halklaryň wekilleri bolan daşary ýurtlulary ýurduň çäginde ýaşamak we işlemek üçin türk raýatlygyny almak boýunça edilýän talapdan boşadýar, ýöne olara syýasy hukuklary bermeýär.

