Parlamentara dialog: Aşgabatda gender deňligini ilerletmegiň kanunçylyk esaslary ara alnyp maslahatlaşylýar

MilliInfo

Şu gün Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Mejlisi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) bilelikde geçirýän «Gender deňligini ilerletmek: gender deňligi we gender zorlugyna garşy göreşmekde kanunçylyk esaslaryny berkitmek boýunça Parlamentara dialogy» atly maslahat öz işine başlady.

Maslahatda parlamentariler gender deňligini ilerletmek ulgamynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, gender zorlugynyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň milli kanunçylykda beýan edilmegi we gender aýratynlyklary göz öňünde tutýan inklýuziw kanunlar, durmuş taýdan goraglylyk we jogapkärçilik ulgamlaryny işläp düzmek we durmuşa geçirmek barada pikir alşarlar. 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info