Täze Zelandiýanyň General-gubernatory Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyryldy

MilliInfo

Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky ilçisi A.Baýramow (oturýan ýeri Tokio şäheri) bu ýurduň milli güni – Waýtangi güni mynasybetli her ýyl 6-njy fewralynda geçirilýän döwlet çärelerine gatnaşdy.

Iş saparynyň dowamynda A.Baýramow ýokary wezipeli resmi wekiller bilen türkmen-täze zeland gatnaşyklaryny has-da berkitmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Täze Zelandiýanyň General-gubernatory Sindi Kiro bilen geçirilen duşuşykda ilçi Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Waýtangi güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny ýurduň ýolbaşçysyna ýetirdi. Türkmenistanyň ilçisi General-gubernatory özüne amatly bolan wagtda ýurdumyza sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Saparynyň dowamynda ilçi Täze Zelandiýanyň daşary işler ministri Winston Peters, ýurduň söwda we maýa goýum ministri H.Todd Makkleý we Täze Zelandiýanyň Parlamentiniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda Türkmenistan bilen Täze Zelandiýanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeleri geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek, parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparlary döretmek we ikitaraplaýyn saparlary guramak barada ylalaşdylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info