BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyçlaryna esaslanýan Kararnamalaryň ikisini biragyzdan kabul etdi

MilliInfo

26-njy dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan örän wajyp halkara resminamalaryň — «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» hem-de «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)» atly Kararnamalaryň kabul edilendigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen başlanandygyny we bu ýylyň dowamynda köp sanly halkara çäreleriň geçirilip, möhüm ähmiýetli resminamalaryň kabul edilendigini belledi.

«Ýakynda bolsa ýurdumyza ýene-de bir hoş habar gelip gowuşdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 64-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy» hem-de «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu başlangyçlary goldan ähli ýurtlara türkmen halkynyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljekde-de Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirjekdigini nygtap, mejlise gatnaşyjylary möhüm ähmiýetli Kararnamalaryň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Kararnamalary «Türkmenistan» hem-de «Нейтральный Туркменистан» gazetleriniň şu günki (27.12.2025ý) sanynda dolulygyna çap edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info