BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistan tarapyndan hödürlenen Kararnamany biragyzdan kabul etdi

MilliInfo
BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistan tarapyndan hödürlenen Kararnamany biragyzdan kabul etdi

20-nji maýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen hödürlenen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu barada 22-nji maýda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Bitarap Watanymyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek ugrunda edýän tagallalarynyň üstünlikli dowam etdirilýändigini belledi.

«Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsiniň bu Kararnamany goldamagy, köp sanly ýurtlaryň oňa awtordaş bolup çykyş etmegi biziň üçin uly abraýdyr» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz geljekde hem BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigini belläp, mejlise gatnaşyjylaryň ählisini gelip gowşan hoş habar — möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info