«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agenti Kazan ugry boýunça ýazky arzanladyşyny yglan edýär

MilliInfo

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Kazandan Aşgabada uçuşlar üçin ýazky nyrhlaryň arzanladylýandygyny yglan etdi. Ýörite teklip aprel we maý aýlarynda amala aşyrylýan uçuşlara degişlidir.

Häzirki wagtda bu ugur boýunça gatnawlar hepdede bäş gezek, ýagny penşenbe we anna günlerinden beýleki ähli günlerde ýerine ýetirilýär. Biletleriň bahasynyň arzanladylmagy uçuşlary has elýeterli etmek we täze ýolagçylary çekmek maksatlaryna gönükdirilen ädimdir.

Elýeterli bahadan hödürlenýän biletleri Russiýa Federasiýasyndaky baş agentiň resmi saýtyndan ýa-da Kazan, Moskwa we Sankt-Peterburg şäherlerindäki satuw ofislerinden satyn alyp bolýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info