BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Awazadaky Kongressler merkezinde geçýän Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň dabaraly açylyşynda çykyş etdi.
Ol ähmiýetli forumyň guramaçylygy hem-de halkara dialogy üçin döredilen ajaýyp mümkinçilik üçin Türkmenistana minnetdarlygyny beýan etdi:
«Bu maslahat diňe Türkmenistanyň hökümetiniň we halkynyň tagallalary esasynda mümkin boldy. Düýn Kongressler merkezine baryp gördüm, sport toplumyny görenimde bolsa onuň iň döwrebap, owadan we täsirli maslahat üçin ähmiýetli desgalaryň birine öwrülendigine haýran galdym» — diýip, Baş sekretar belledi.
BMG-niň Baş sekretary BMG bilen Türkmenistanyň arasynda köp ýyldan bäri dowam edip gelýän hyzmatdaşlygy nygtady we ýurduň raýatlygy bolmadyk adamlar bilen bagly meseläni çözmekdäki ynsanperwer ornuna ýokary baha berdi. Ol dünýäde millionlarça ynsanyň resminamasyz we hukuksyz galýandygyna garamazdan, Türkmenistanyň öz çägindäki şeýle adamlara raýatlyk berendigini hem-de hukuklarynyň goralmagyny üpjün edendigini aýtdy.
Antoniu Guterrişiň çykyşynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan adalatsyzlygyna ähmiýet berildi:
«Ösüp barýan ýurt we deňze çykalgasy bolmadyk döwlet hökmünde olar iki esse kynçylyga sezewar bolýarlar. Bu olaryň söwda etmek mümkinçiligini çäklendirýär, importyň has gymmat bolmagyna getirýär, eksportyň bäsdeşlige ukyplylygyny peseldýär we halkara bazarlaryna çykmaga päsgelçilik döredýär».
Mundan başga-da, Guterriş halkara hukuklaryny we deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlardan harytlaryň we hyzmatlaryň erkin hereket etmegine päsgel berýän logistiki böwetleri gözden geçirmegiň möhümdigini, diňe bir bu ýurtlaryň içinde däl, eýsem, goňşularynda-da infrastrukturalara maýa goýmagyň zerurdygyny aýtdy.
Sözüniň ahyrynda Antoniu Guterriş Awazadaky maslahatyň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlary goldamak boýunça halkara tagallalarynda öwrülişik nokady we konstruktiw global hyzmatdaşlygyň nusgasy boljakdygyna umyt bildirdi.

