Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsullygy raýatlara hödürleýän hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, täze onlaýn nobata ýazylyş ulgamyny işe girizdi.
Indi raýatlar konsullygyň hyzmatlary üçin resmi web sahypa arkaly nobata ýazylyp bilerler.
Şunuň bilen baglylykda, diplomatik gulluk resmi çeşmesinde nobata ýazylman gelen raýatlaryň ýüztutmalarynyň hem ýerine ýetirilmeginiň dowam etdiriljekdigini ýatladýar. Şeýle-de bolsa, nobata ýazylyp gelen raýatlar daşardaky nobata garamazdan, ýazgy esasynda bellenen sagadynda kabul ediler.
Täze girizilen mümkinçilik konsullygyň raýatlaryň ýüztutmalaryny has rahat hem ygtybarly şertlerde kabul etmegine şert döreder.
