Golaýda Germaniýanyň Bad-Nauhaým şäherinde kýokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Bu bäsleşikde ildeşlerimiz 9 medal gazanmagy başardylar.
Bäsleşikde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Aýmyrat Ýediýew (22 — 39 ýaş, 70 kg çenli), Şyhnazar Şirzadow (18 — 21 ýaş, 70 kg çenli), Türkmenistanyň Kýokuşinkaý karate merkeziniň başlygynyň orunbasary Myrataly Amanow (40 ýaşdan ýokary, 90 kg çenli), Aly Begmyradow (12-13 ýaş, 40 kg çenli) we Jeýhun Baýrammämmedow (10-11 ýaş, 30 kg çenli) altyn medallara mynasyp boldular.
Milli ýygyndy toparymyzyň kapitany Meýlis Paşagulyýew (22 — 39 ýaş, 90 kg çenli), Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň işgäri Annadurdy Gurbangylyjow (22 — 39 ýaş, 80 kg çenli) hem-de Aýnur Nurjanowa (14-15 ýaş, 45 kg çenli) kümüş medal gazandylar. Myrat Ekäýew (22 — 39 ýaş, 90 kilogramdan ýokary) ýurdumyzyň baýrak gaznasyny bürünç medal bilen baýlaşdyrdy.
Halkara bäsleşige Germaniýadan, ABŞ-dan, Ýaponiýadan, Italiýadan, Wengriýadan, Belgiýadan, Rumyniýadan, Moldowadan, Ukrainadan we Türkmenistandan 350 türgen gatnaşdy.