«Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi

MilliInfo

17-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak we ulanyş guýularyny burawlamak işlerine badalga bermek dabarasy geçirildi.

Dabaranyň geçirilýän ýerinde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hytaý wekiliýetiniň ýolbaşçysyny mähirli garşylady hem-de onuň bilen bilelikde türkmen-hytaý aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdi. Dabaranyň geçirilýän ýeriniň esasy girelgesiniň öňünde milli lybasly çagalar Gahryman Arkadagymyzy hem-de Din Sýuesýany türkmen-hytaý dostlugy baradaky goşgular bilen garşyladylar. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri we belent mertebeli myhman bagtyýar nesiller bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdüler hem-de dabaraly çäräniň geçiriljek binasyna tarap ugradylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de hytaý wekiliýetiniň ýolbaşçysy ýolugra halkymyzyň taryhyny we medeniýetini giňden beýan edýän amaly-haşam sungatynyň eserlerini, asyrlar aşyp gelýän milli däplerimiziň ajaýyp nusgalaryny synladylar.

Soňra Gahryman Arkadagymyz we Din Sýuesýan şu günki dabara mynasybetli guralan sergi bilen tanyşdylar. Sergide her ýylda harytlyk gazyň 10 milliard kub metrini öndürmäge niýetlenen zawodyň şekil taslamasy görkezilýär. Tehnologik ulgamlaryň her biri çig maly kömürturşy gazyndan we kükürtli wodoroddan arassalaýan, suwuklyklary aýyrýan, tehniki kükürdi öndürýän desgalardan ybaratdyr. Şeýle hem bu ýerde guýulary burawlamakda ulanylýan enjamlar görkezilýär. Bu enjamlar buraw guýularynyň giňişlikde takyk ýerleşişini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň goldaw bermeginde satyn alnan döwrebap geofiziki abzallar görkezilýär. Olar «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda geofiziki işler geçirilende ulanylar. Şeýle hem sergide 3D robotlaşdyrylan kebşirleýji enjam, awtomatlaşdyrylan robot gözegçisi, guýularyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin niýetlenen enjamlar toplumy we dürli himiki serişdeler görkezilýär.

Soňra Gahryman Arkadagymyz we myhman bu ýerde «Galkynyşyň» dördünji tapgyryny özleşdirmek işlerinde ulanyljak ýöriteleşdirilen awtoulaglary, kuwwatly tehnikalary synladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Din Sýuesýan dabara mynasybetli ýörite gurnalan mejlisler zalyna bardylar. Ilki bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi.

Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, häzirki döwürde eziz Diýarymyzyň her bir gününiň şanly wakalara beslenýändigini, şu gün hem ýurdumyzyň gaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm bolan ýene-de bir tutumly işe — «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berilýändigini belledi.

«Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ykdysadyýetimizi ösdürmek, onuň pudaklaryna innowasiýalary ornaşdyrmak işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Döwrebap senagat önümçiliklerini döretmek boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu özgertmeler daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge giň ýol açýar. Hususan-da, nebitgaz toplumyny netijeli we düýpli ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Biz ýangyç-energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge aýratyn üns berýäris. Bu pudaga uly möçberde maýa goýumlary goýýarys. Bu serişdeler pudagy yzygiderli ösdürmäge, nebitgaz kärhanalaryny döwrebap enjamlaşdyrmaga niýetlenendir. Şeýle hem olar geologiýa-gözleg we buraw işlerini üstünlikli amala aşyrmaga, täze nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmäge gönükdirilendir» diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we döwletimiziň diwersifikasiýa syýasaty esasynda energetika bazarlaryny tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmek baradaky teklipleri yzygiderli öňe sürüp gelýändigini, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek, daşky gurşawy gorap saklamak, ekologik taýdan arassa energiýany ulanmaga geçmek boýunça özara bähbitli başlangyçlar bilen çykyş edýändigini nygtady.

2009-njy ýylda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzy has-da berkiden taryhy wakalaryň biri boldy. Indi 17 ýyla golaý wagt bäri bu gaz geçiriji arkaly eksport edilýän türkmen mawy ýangyjy dostlukly ýurduň ykdysadyýetini ösdürmäge uly goşant goşýar.

Bu taryhy taslamany durmuşa geçirmegiň barşynda gaz guýularynyň gurluşygyndan başlap, gaz ýygnaýjy, gaz arassalaýjy we gazy gaýtadan işleýän desgalaryň, gaz geçirijileriň, daşky eltiji ulgamlaryň, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy amala aşyrylar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, 1 müň 41 sany täze iş orny dörediler. Täze guruljak desgalar mawy ýangyjyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça oňaýly şertleri döreder.

Soňra çykyş etmek üçin Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýana söz berildi.

Bellenilişi ýaly, iki dostlukly ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň tagallalary esasynda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda, beýleki ugurlar bilen bir hatarda, tebigy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlykda-da ýokary netijeler gazanyldy. 13 ýyl mundan ozal Başlyk Si Szinpiniň we Gahryman Arkadagyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde zawodlar toplumy ulanmaga berildi. Bu taryhy waka iki ýurduň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygyna güýçli itergi berdi. Din Sýuesýan şu gün badalga berilýän bu möhüm taslamanyň iki ýurduň halklarynyň umumy bähbitlerine hyzmat etjekdigini hem-de tebigy gaz pudagyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarjakdygyny aýtdy.

Myhmanyň bellemegine görä, Gündogar müçenamasy boýunça şu ýylyň ýylky ýylydygy, şeýle hem Türkmenistanda 2026-njy ýylyň şygarynyň bedew bilen baglanyşyklydygy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilişiniň taryhy tapgyrlary we ýurdumyzyň nebitgaz senagatynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi. Wideoşekiller tamamlanandan soňra, türkmen we hytaý hünärmenleri sanly ulgam arkaly Gahryman Arkadagymyzdan «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň ilkinji gaz guýusynyň buraw işlerine ak pata bermegini uly hormat bilen haýyş etdiler.

Milli Liderimiziň ak pata bermegi esasynda buraw desgasy işe başlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri we hytaý wekiliýetiniň ýolbaşçysy bilelikde desganyň düýbüni tutmak üçin taýýarlanan ýere bardylar. Bu ýerde milli lybasly çagalar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyndan we hormatly myhmandan desganyň düýbüni tutup bermeklerini haýyş etdiler.

Gahryman Arkadagymyz we hormatly myhman ýadygärlik sene ýazgysy salnan gutyny dabaraly ýagdaýda düýbi tutulýan desganyň binýadyna okladylar hem-de ilkinji beton garyndysyny guýup, gurluşyga badalga berdiler.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli toý sadakasy berildi.

Şeýlelikde, «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň özleşdirilmegi ýurdumyzyň energetika garaşsyzlygyny pugtalandyrmak üçin strategik binýady emele getirer, täze önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmegi bolsa türkmen mawy ýangyjynyň eksport ugurlaryny giňeltmäge ýol açar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info