24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Bitaraplyk binasynyň ýanynda Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen Guramaçylyk döwlet toparynyň hojalyk iş maslahatyny geçirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Aşgabatda gurulýan we döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň hem-de binalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.
...Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän we ýurdumyzyň abadançylygyň, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň mekany hökmündäki derejesini ykrar eden Bitaraplyk binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde milli Liderimiz öňde goýlan wezipeleriň, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklandy. Gahryman Arkadagymyz şanly sene mynasybetli ýaýbaňlandyrylan işleriň köp ugurlary öz içine alýandygyny belläp, şunda şäherde alnyp barylýan gurluşyklaryň möhletlerine, paýtagtymyzyň arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerine, ekologiýa derejesine zerur üns berilmelidigini aýtdy. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Milli Liderimiz ak mermerli paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň guramaçylyk ýagdaýynda we Aşgabady bagy-bossanlyga büremek işlerinde haýal-ýagallyga ýol berlendigi üçin Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowa nägilelik bildirdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň günortasynda döwrebaplaşdyrylýan binalaryň şekil taslamalary, ekiljek baglaryň, yşyklandyryş we ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Görkezilýän şekil taslamalarynyň hatarynda Bitaraplyk binasynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmagyň we bu künjekde döredilýän Bitaraplyk seýilgähiniň çäklerinde ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň teklip edilýän görnüşleri, Bitaraplyk muzeýiniň içki bezeg işlerine degişli serişdeler bar. Şeýle hem bu künjegiň ýol-ulag düzümine degişli desgalary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Şol bir wagtyň özünde, bu ýerde gül goýmak çäresi bilen başlanjak dabaralaryň guramaçylyk ýagdaýy halkara derejede ykrar edilen kadalara laýyk gelmelidir.
Milli Liderimiz bu ýerden şäheriň Bitarap Türkmenistan we Çandybil şaýollarynyň aýlawly çatrygynyň ýanyna geldi. Gahryman Arkadagymyz aýlawly ýoluň bezeg aýratynlyklarynyň onuň ähmiýetine laýyk gelmelidigine ünsi çekip, bu ýerde türkmen Bitaraplygyna degişli nyşanlaryň, BMG-ä agza ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet tugunyň we BMG-niň baýdagynyň oýlanyşykly ýerleşdirilmelidigini aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň durmuşynda syýasy ähmiýeti bolan halkara çäreleri guramaçylykly geçirmek we dabaranyň maksatnamasyny taýýarlamak babatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy R.Bazarowa hem-de Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa degişli maslahatlary berdi. Taýýarlanylan teklipleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň makullan halatynda degişli taýýarlyk işlerine girişilmelidir.
Soňra Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň çäginde ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljek ýerine geldi. Bu ýerde köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümi geçiriler.
Şeýle hem Milli Liderimiz, hemişe bolşy ýaly, baýramçylyk günlerinde tertip-düzgüniň berk berjaý edilmeginiň, ulaglaryň sazlaşykly hereketiniň ýola goýulmagynyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini belläp, bu ugra degişli düzümleriň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.
Milli Liderimiz hemmeleri BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen ýene bir gezek gutlady we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işlerinde hem-de öňde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

