3-nji dekabrda Stambulda — «Divan Kuruçeşme» meýdançasynda dabaraly ýagdaýda «2027 MICHELIN Guide Türkiye» baýrak gowşurylyş çäresi geçiriler. Taryhda ilkinji gezek ýolbelet tutuş ýurt boýunça gastronomik nokatlary gurşap alyp, umumymilli möçberde restoranlaryň saýlama sanawyny hödürlär.
2022-nji ýylda «MICHELIN» ýolbelediniň Stambulda peýda bolmagyndan we gerimini Izmir, Mugla hem-de Kappadokiýa sebitlerine çenli giňeltmeginden soň inspektorlar sebitiň aşpezlik däplerini öwrenmegi dowam etdirdiler. Şeýlelikde, öňde duran tanyşdyryş çäresi Türkiýäni dünýäniň öňdebaryjy gastronomik ugry hökmünde tanatmakda möhüm tapgyra öwrüler.
Dabarada ýolbelede girizilen täze restoranlar, «MICHELIN» ýyldyzlaryna mynasyp bolan baş aşpezler yglan ediler, şeýle hem myhmansöýerlik pudagynyň görnükli hünärmenlerine ýörite baýraklar gowşurylar.
«MICHELIN» gollanmasynyň halkara direktory Gwendal Pullennek Türkiýäniň gadymy sebit tagamlarynyň düzümlerinden (reseptlerinden) tä häzirki zaman ýokary aşpezlik sungatyna çenli adatdan daşary baýlygy görkezýändigini hem-de özüniň döredijiligi we köpdürlüligi bilen inspektorlary haýran galdyrýandygyny belledi.
Ýolbelediň inspektorlary doly anonimlik şertlerinde işleýärler we diňe aşhananyň hiline bäş sany ählumumy ölçeg boýunça baha berýärler:
Ulanylýan serişdeleriň (ingrediýentleriň) hili
Aşpezlik tehnikalarynyň ussatlygy
Tagam utgaşmasynyň sazlaşygy
Baş aşpeziň tagamlarda beýan edilýän özboluşlylygy
Menýunyň hiliniň durnuklylygy we wagt geçmegi bilen yzygiderli saklanmagy
Restoranlardan başga-da, «MICHELIN» ýolbeledi premium derejeli myhmanhanalaryň toplumyny hem kemala getirip, olaryň iň gowularyny ajaýyp dizaýny, hyzmaty we atmosferasy üçin ýörite «MICHELIN Keys» baýragy bilen belleýär. Doly milli sanaw dabara tamamlanandan soň dessine «MICHELIN-iň» saýtynda we programmasynda elýeterli bolar.
«Michelin» kompaniýasy — 130 ýyldan gowrak taryhy bolan kompozit materiallary öndürmek we innowasion çözgütler ulgamynda dünýäniň öňdebaryjysy. Ştab-kwartirasy Klermon-Ferranda (Fransiýa) ýerleşýän kompaniýanyň wekilhanalary 175 ýurtda hereket edip, onuň işgärler düzümi 129 800 adamdan ybaratdyr. «Micheliniň» öňdebaryjy işläp taýýarlamalary awiasiýadan, lukmançylykdan we energetikadan başlap, professional awtoparklar üçin sanly emeli aň çözgütlerine hem-de «MICHELIN» ýolbelediniň çäklerinde iň gowy restoranlary we myhmanhanalary maslahat bermäge çenli giň gerimli mümkinçilikleri öz içine alýar.
