Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, «Türkmennebit» döwlet konsernine Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň hem-de konserniň «Hazarnebit» döwlet kärhanasynyň arasynda Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.
Bu resminama ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda netijeli özleşdirmek maksatlaryna gönükdirilýär.
