Aýdym-saz muşdaklaryna ajaýyp sowgat garaşýar. Tahyr Ataýewiň orkestri sizi kino sungatynyň jadyly dünýäsi bilen tanyşmaga çagyrýar — bu ýerde her bir nota janlanyp, ajaýyp sazlaryň her biri sizi meşhur filmleriň iň gyzykly sahnalaryna gaýtadan alyp gider.
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Gladiator», «Başlangyç» («Начало»), «Interstellar» hem-de «Karib deňziniň garakçylary» ýaly taryha giren filmleriň sazlary ýaňlanar. Garaz, meşhur kinokompozitor Hans Zimmeriň ajaýyp eserleri siziň göwnüňizi göterer.
Beýik eposlaryň atmosferasyna çümüň, kinony ölmez-ýitmez edýän joşguny, dramany we şatlygy duýuň!
Konsert 7-nji noýabrda 19:00-da başlanar.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 55-90-15, 862-53-28-71

