Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi

MilliInfo

«Türkmengaz» döwlet konsernine garamagynda hojalyk hasaplaşygynda işleýän «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny bellenen tertipde döretmek hem-de bu kärhananyň Tertipnamasynyň taslamasyny taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek maksatlaryna gönükdirilendir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info