Türkmenistanyň Prezidenti iş kesilen raýatlaryň 225-siniň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi

MilliInfo

26 Sentýabr, 2025

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, iş kesilenleriň 225-siniň günäsi geçildi we olar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.

Bu çözgüt beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli kabul edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo