Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy we «BMG–zenanlar» düzümi bilen bilelikde guramagynda geçirilýän Zenanlaryň ikinji Aziýa forumyna hem-de onuň çäginde guralýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşmak maksady bilen, 13-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherine iş sapary başlandy.
Iş saparyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Buhara şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň zenanlaryň dialogynyň «Ylymda zenanlaryň ýolbaşçylygy: häzirki zaman meseleleri, innowasion çözgütler we ylmy hyzmatdaşlyk» atly alym zenanlaryň forumyna gatnaşdy.
Onda çykyş edenler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň zenan ýolbaşçylarynyň Dialogynyň zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmekde möhüm halkara meýdança bolup durýandygyny bellediler. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa gün tertibiniň meselesi boýunça çykyş edip, ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy we beýleki halkara guramalar bilen bilelikde zenanlaryň maglumat tehnologiýalaryna bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga gönükdirilen maksatnamalar, olaryň sanly sowatlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen okuw taslamalarynyň ähmiýetini belledi. Ýurdumyzda bu ugra degişli kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada durup geçdi.
Şeýle hem alym zenanlary goldamak, olaryň ylmyň we innowasiýalaryň ösmegine, ylmy-barlag işlerine gatnaşmagyny giňeltmek, hünär taýdan kämilleşmegi üçin amatly şertleri döretmek, ýaşlara döwlet goldawyny bermek, ylmy alyş-çalyş maksatnamalaryny ösdürmek meseleleriniň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýandygyna üns çekildi.
Milli Parlamentiň Başlygy Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda durnukly ösüşi üpjün etmekde oňyn tejribeleri paýlaşmaga we öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen Halkara zenanlar dialogyny, demografiýa bilen baglanyşykly halkara maslahaty, şeýle-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisiniň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny nygtap, Zenanlaryň Dialogynyň mejlisine gatnaşyjylary bu halkara we parlamentara çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.