Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow «Türkmenistan — ABŞ» Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşyk geçirdi. Ol Aşgabada iş sapary bilen gelen Amerikanyň kompaniýalaryndan düzülen wekiliýete ýolbaşçylyk edýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar «Türkmenistan — ABŞ» Işewürler geňeşiniň işini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de iki ýurduň döwlet we hususy ulgamlarynyň wekilleri bilen özara gatnaşyklaryň giňeldilmegi üçin netijeli platforma bolup durýandygyny nygtadylar.
Şeýle hem, Aşgabatda Geňeşiň wekilleri bilen geçirilen tegelek stoluň netijeliligi aýratyn bellenildi. Oňa ona golaý amerikan kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdylar, şol sanda «Climate Compass», «John Deere», «Westport Trading» we beýlekiler bar. Tegelek stolda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýolbaşçylyk etdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda Geňeşiň işiniň iki ýurduň arasynda döwletara baglanyşyklaryny pugtalandyrmaga, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan oňyn täsiri aýratyn nygtaldy.
Taraplar ykdysadyýetiň esasy ugurlarynda, şol sanda ulag-logistika, energetika, nebit-gaz senagaty, oba hojalygy we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyk etdiler.