Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşdy

MilliInfo
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşdy

12-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Beata Peksa bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi, şeýle hem halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we giňeltmekde yzygiderli syýasy dialogyň hem-de konstruktiw özara gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtadylar. Daşky gurşawy goramak we Hazar deňziniň ekoulgamyny saklamak boýunça hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info