Ýurdumyzyň daşary işler ministri Ýewropa Bileleşiginiň Ýörite wekili bilen duşuşdy

MilliInfo

15 Oktýabr, 2026

Ýurdumyzyň daşary işler ministri Ýewropa Bileleşiginiň Ýörite wekili bilen duşuşdy

14-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stiprais bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-ýewropa hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri, şeýle hem bar bolan mümkinçilikleri we taraplaryň özara bähbitlerini nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Syýasy-diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga, hereket edýän ikitaraplaýyn we sebit derejesindäki mehanizmleriň çäklerinde gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, şeýle hem söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi.

Şeýle hem taraplar ulag, energetika, daşky gurşawy goramak we hünärmenleri taýýarlamak ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine garadylar. Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy konstruktiw dialogyň we özara hormat goýmagyň esasynda yzygiderli ösdürmegiň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmäge we özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info