Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Gazagystanyň ilçisi Nurlan Nogaýewi kabul etdi

MilliInfo
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Gazagystanyň ilçisi Nurlan Nogaýewi kabul etdi

16-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli duşuşyklaryň we gatnaşyklaryň dowam etdirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar sebit we halkara gün tertibine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara düzümleriniň çäklerinde iki ýurduň başlangyçlaryny özara goldamagy dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info