COP31-iň çäginde: Türkmenistanyň daşary işler ministri Antalýada gepleşikleriň tapgyryny geçirdi

MilliInfo
COP31-iň çäginde: Türkmenistanyň daşary işler ministri Antalýada gepleşikleriň tapgyryny geçirdi

12-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna (COP31) gatnaşmagynyň çäklerinde, Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ISESCO) Baş direktory Salim Muhammed Al-Malik bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda bilim, ylym, medeniýet, daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda ISESCO-da synçy döwlet derejesine eýe bolmagy bilen baglylykda, Gurama bilen amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi. Bu ýagdaý bilelikdäki taslamalary we başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

BMG-niň az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Roland Mollerus bilen geçirilen duşuşykda 2025-nji ýylyň 5–8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) jemleýji resminamalarynyň amaly taýdan durmuşa geçirilmegine esasy üns berildi.

Şunuň bilen baglylykda, deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlaryň bähbitlerine durnukly ösüş boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän «Awaza» syýasy Jarnamasynyň we 2024–2034-nji ýyllar üçin Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça «Awaza» Hereketleriň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada pikir alşyldy.

Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň (GGGI) ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary, «Ýaşyl ösüş» maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Malle Fofana bilen geçirilen duşuşykda durnukly ösüş, ýaşyl ykdysadyýete geçmek we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýaşyl maýa goýumlaryny çekmek, ekologiýa taýdan arassa häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmen tarapy söhbetdeşini ýurtda daşky gurşawy goramak we howa gün tertibi boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hem-de halkara başlangyçlar bilen tanyşdyrdy. Hususan-da, sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, tehnologik mümkinçilikleri ösdürmäge we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça amaly çözgütleri öňe sürmäge gönükdirilen Merkezi Aziýa üçin Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyç bellenildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info