Türkmenistanyň Prezidenti Tailandyň Patyşasyna we Indoneziýanyň Prezidentine gynanç bildirdi

MilliInfo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna hem-de Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianta güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu kynçylykly pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo