«Real Madrid» we «Barselona» klublarynyň täze transferleri

MilliInfo

12 Awgust, 2025

Ispaniýanyň öňdebaryjy klublary bolan «Real Madrid» we «Barselona» toparlarynyň transferleri hemmeler üçin gyzykly bolsa gerek.

2025-nji ýylyň tomusky transfer möwsümi Ispaniýanyň iki uly kluby üçin hem ýeňil geçenok. Bu klublar düzümlerini üýtgetdiler — transfer bazarynda we tälimçiler düzüminde möhüm üýtgeşmeleri giçirdiler.

«Real Madrid»: Bu klub üçin 2025-2026-njy ýylyň futbol möwsümi täzeden döreýiş döwri bolar. Täze tälimçi, täze strategiýalar... «Real Madridde» Hawi Alonsonyň döwri başlanýar. H.Alonso kluba uly maksatlar bilen geldi we ýolbaşçylar bilen klubuň düzümini üýtgetmek barada ylalaşdy. «Real» ýaşlyga, tizlige we Hawi Alonsonyň çeýe oýun stiline üns berýär. Alonsonyň ýolbaşçylygynda täze döwre gadam goýýan «Real Madrid» goragy boýunça we ýarym goragçylar babatda uly üýtgeşmeleri girizdi. Braziliýaly hüjümçi Rodrigonyň geljegi bolsa heniz belli däl.

«Real Madride» täze goşulan futbolçylar:

·       Din Heýsen (merkezi goragçy, «Bornmut»)

·       Trent Aleksander-Arnold (sag goragçy, «Liwerpul»)

·       Franko Mastantuono (hüjümçi, ýarymgoragçy, «Riwer Pleýt»)

·       Alwaro Karreras (çep goragçy, «Benfika»)

·       Gonsalo Garsiýa (hüjümçi, ispan futbolçysy)

Klubdan gidenler:

·       Luka Modriç («Milan» — mugt)

·       Lukas Waskes (şertnama gutardy)

·       Hesus Waleho («Albasete»)

«Barselona» hakynda: Geçen möwsümde La Ligada ýeňşe ýeten we Ispaniýanyň Kubogyny alan «Barselona» esasy maksadyny käbir orunlary güýçlendirmäge we gerek däl futbolçulary satmaga gönükdirdi. «Barselona», esasan hem, düzümi arassalamaga we galan düzümiň aýlyk töleglerini azaltmaga üns berýär. Klub ýaş oýunçylara mümkinçilik berýär we olara bil baglaýar. Maliýe meseleleri bilen baglylykda, gymmat bahaly transferleriamala aşyrmakdan saklanýar.

«Barselona» täze goşulan futbolçylar:

·       Žoan Garsiýa (derwezeçi, «Espanýol»)

·       Markus Raşford (hüjümçi, «Mançester Ýunaýted» — kärendesine)

Klubdan gidenler:

·       Kleman Langle («Atletiko» — mugt)

·       Pablo Torre («Mallorka»)

·       Ansu Fati («Monako» — kärende)

·       Inigo Martines («Al-Nasr»)

Basym toparlaryň ikisi hem täze maksatlar we umytlar bilen täze möwsüme başlaýar. Düzüminlerindäki üýtgeşmelerden soň, olar öz janköýerlerine gyzykly hem ýatda galyjy oýunlary bagyş ederler.

«Barselona» Ispaniýanyň çempionatynda täze möwsümdäki ilkinji oýnuny 16-njy awgustda «Mallorka» garşy oýun bilen başlaýar. «Real Madrid» bolsa 19-20-nji awgustda (Aşgabat wagty bilen) «Osasuna» garşy oýnaýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo