Çagalaryň psihologiýasy ulgamyndaky hünärmenler duýdurýarlar: täze okuw ýylyna taýýarlyk görmäge nädogry çemeleşilmegi okuwçynyň uýgunlaşmagyna ýaramaz täsir edip biler. Okuwlaryň başlanmagynyň stresse öwrülmezligi üçin hünärmenler gaça durulmaly esasy ýalňyşlyklary kesgitlediler:
1-nji sentýabryň öňüsyrasyndaky gysga wagtlyk (ekspress) okuw: Birnäçe hepdäniň içinde goýberilen okuw maksatnamasynyň öwezini gyssagly dolmaga synanyşmak çaganyň aşa ýadawlygyna sebäp bolýar we okamaga bolan höwesini gaçyrýar. Bilimdäki kemçilikleriň öwezini dolmak, ýitirilen höwesi (motiwasiýany) dikeltmekden has aňsatdyr.
Gündelik tertibiň birden üýtgedilmegi: Çagany bir günüň içinde mekdep tertibine geçirmek manysyz we zyýanlydyr. Ukynyň we ukudan oýanmagyň tertibini kem-kemden — wagty her gün 15–20 minut öňe süýşürmek arkaly sazlamalydyr.
Gorkuly öwüt-nesihatlar: «Aladasyz durmuşyň gutardy» ýa-da «ol ýerde saňa görkezerler» diýen ýaly gorkuzmalar çagada mekdep bilen bagly gorky duýgusyny döredýär. Onuň deregine ünsi gowy taraplara: täze dostlara, gyzykly derslere we özüne çekiji wakalara gönükdirmelidir.
Öz howsalaňy çaga geçirmek: Çagalar ulularyň duýgularyny aňsatlyk bilen syzýarlar. Eger ene-atalar öňde duran okuw sebäpli dowamly binjalyk bolsalar, çaga hem şol ynjalyksyzlygy özüne siňdirýär.
Psihologlar tassyklaýarlar: okuwça, ilkinji nobatda, mekdebiň howp däl-de, eýsem, ösüşiň täze we gyzykly basgançagydygyny görkezip biljek asuda hem-de özüne ynamly ene-ata gerekdir.
