Ýurdumyzyň baýry uniwersiteti «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalyny döreder

MilliInfo

31 Ýanwar, 2026

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnaly dörediler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 30-njy ýanwarda geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewanyň hasabatynda aýdyldy.

Täze elektron neşir arkaly ýurdumyzda bilim we ylym ulgamlarynda alnyp barylýan öňdebaryjy tejribeler giňden beýan ediler. Elektron neşirde professor-mugallymlaryň, alymlaryň, talyplaryň ylmy makalalaryny türkmen, iňlis we rus dillerinde ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu žurnalda milli mirasyň, okatmagyň hem-de terbiýe bermegiň, filologiýanyň, psihologiýanyň, hukuk ylymlarynyň döwrebap meseleleri, usulyýeti, şöhratly taryhymyzyň, beýik şahsyýetlerimiziň dünýä medeniýetine goşan goşandy baradaky ylmy makalalar bilen birlikde, bilimiň, ylmyň we önümçiligiň özara baglanyşygyny pugtalandyrmak boýunça gazanylan oňyn netijeler öz beýanyny tapar. Elektron žurnalyň döredilmegi ýaşlary täze ylmy açyşlara, oýlap tapyşlara höweslendirer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary bilimli hünärmenleri, ýaş alymlary taýýarlamaga uly üns berilýändigini, bu ugurda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak babatda ähli zerur şertleriň döredilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnaly döretmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info